Ysraýyl ilkinjileriň biri bolup COVID-19-y bejerýän derman gerdejiklerini aldy

31.12.2021, 14:3614,658

Kowidi berjermek üçin niýetlenen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Pfizer kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan Paxlovid derman serişdesiniň ilkinji tapgyry penşenbe güni Ysraýyla getirildi. Bu barada Ysraýylyň premýer-ministriniň kanselýariýasy habar berdi.

«Koronawirusa garşy Pfizeriň derman serişdesiniň ilkinji tapgyry 2021-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Ben-Gurion halkara howa menziline gelip gondy» — diýlip beýanatda aýdylýar. «Ysraýyla getirilen Pfizeriň bu dermany pandemiýa garşy göreşde ýaraglaryň üstüni ýetiren möhüm serişde bolar» - diýlip habarda bellenilýär.

26-njy dekabrda Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministrligi kowidi bejermek üçin Paxlovid serişdesiniň gaýragoýulmasyz ulanylmagyna rugsat berdi. Paxlovid derman serişdesi koronawirus ýokanjynyň agyr görnüşe geçmek mümkinçiligi ýokary bolan položitel testli näsaglara ulanmak üçin bellenilendir.
22-nji dekabrda ABŞ-nyň iýmit we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik boýunça müdirligi Paxlovid-i keselçiligiň ýeňil hem-de orta derejesinde gaýragoýulmasyz ulanmaklyga rugsatnama berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.