«Altyn asyr» Gündogar bazary doly güýjünde işläp başlaýar

27.04.2022, 04:3531,847

Şu günden — 27-nji aprelden başlap Aşgabatdaky «Altyn asyr» gündogar bazary ozalky tertipde doly işläp başlar. Bu barada bazaryň administrasiýasy maglumat ýaýratdy.

Bellenilişi ýaly, «Altyn asyr» gündogar bazarynyň söwda dükanlary her gün irden 8:00-dan 18:00-a çenli alyjylar üçin hyzmat eder.
Raýatlar arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek bilen, agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynyp, bellenen araçägi saklamalydyrlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.