Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alyşda bolar

08.07.2022, 23:2932,375

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow  ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabryna çenli dynç almaga rugsat berdi.

Türkmenistanyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda edilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümeet mejlisiniň barşynda Serdar Berdimuhamedow «Geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň, umuman, erbet bolmandygyny aýtdy».

Şuny nazara alyp, ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça öňümizdäki şenbe, ýekşenbe we duşenbe günleri maslahatlary geçirmegi tabşyrýaryn. Siz, hemişe bolşy ýaly, Awazada, Arçmanda we Ýylysuwda ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp bilersiňiz.

Oba hojalyk toplumy pagta ýygymyndan soň dynç alar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.