ABŞ-da lotereýanyň jekpoty rekord 1,6 milliard dollara ýetdi

07.11.2022, 12:356,819

ABŞ-da meşhur Powerball lotereýasynyň jekpoty anna güni rekord 1,6 milliard dollara ýetdi, şeýlelikde ol taryhda iň uly lotereýa utuşy boldy diýip, CNBC teleýaýlymy habar berýär. 

Powerball-yň utuşy şenbe güni oýnalar. Şoňa çenli 39 sany yzygider tiražda jekpoty hiç kim utmandy.
Ýaýlymyň belleýşi ýaly, baş utuşy almak mümkinçiligi uly - 292,2 milliondan 1-i. 
Şonuň ýaly-da ýeňiji özüne puluň töleniliş wariantyny saýlap biler - ýa-ha utup alnan puluň 29 ýylyň dowamynda yzygiderli geçirilmegi, ýa-da bir wagtda berilmegi, ýöne soňky ýagdaýda ol ep-esli az bolar - 782 million dollardan sähel agarak bolar.
Şol bir wagtda 24% möçberinde federal salgydyň saklanyljakdygyny hem göz öňünde tutmaly, bu bolsa ýeňijiniň birwagtlaýyn tölegini 187 million dollar kemelder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.