Türkmenistan bilen Gruziýanyň haryt dolanyşygy 2022-nji ýylda $176 mln dollara barabar boldy

10.01.2023, 21:138,030

Türkmenistan bilen Gruziýanyň özara haryt dolanyşygy 2022-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça 176 mln dollara barabar goldy. Bu barada Orient agentligi Gruziýanyň Milli statistika komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

Türkmen tarapy hasabat döwründe Gruziýa 159 mln dollarlyk haryt iberdi. Tbilisi, öz gezeginde, eksportyň möçberini 17,2 mln dollara çenli artdyrdy. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş 70%-e golaýlady.
Aşgabat Gruziýa esasan nebit önümlerini iberýär. Ýurtlar şeýle hem «Lazurit geçelgesiniň» çäklerinde işjeň özara hyzmatdaşlyk edýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.