Türkmenistanyň Merkezi banky: 1 mln-a golaý adam internet-bankingden peýdalanýar

28.01.2023, 00:1119,821

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda internet-bankingi ulanyjylaryň umumy sany 932,7 müňe ýetdi. Bu barada ORIENT agentligi Muňa ýurduň Merkezi bankynyň saýtynda çap edilen maglumatlar şaýatlyk edýär.

Internet-bankingden hasaba alnan ulanyjylaryň sany boýunça Aşgabadyň öňde barmaýandygyny bellemek gerek. Olaryň iň köpüsi Mary welaýatynda — 215,03 müň. Ikinji ýerde Lebap welaýaty durýar — 210,3 müň ulanyjy. Paýtagt 190,02 ulanyjy bilen liderleriň üçlügini jemleýär.
Internet-bankingden iň köp ulanyjy «Daýhanbankyňkydyr» — 346,7 müň. Reýtingde ikinji bolup «Türkmenistan» banky durýar (294,4 müň), liderleriň üçlügini «Türkmenbaşy» banky jemleýär (166,1 müň).
Internet-bankinge baglanmak bilen, hasaplaryňy barlamaga, onlaýn-göçürme almaga, karzlaryň töleniş möhletini yzarlamaga, beýleki hasaplara serişdeleri geçirmäge we ş.m. mümkinçilik berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.