Counter-Strike: GO rekord goýdy. Oýna bir wagtda 1,3 milliondan gowrak adam gatnaşdy

12.02.2023, 23:4912,189

Meşhur Counter-Strike oýnunyň soňky täzelenmesi rekord goýdy. SteamDB hyzmatynyň habar bermegine görä, şol bir wagtda 1 million 320 müň 219 oýunçy bu oýna gatnaşdy. Bu bolsa 2020-nji ýylda goýlan öňki rekorddan 12 müň oýunçy köpdür.

10-njy fewralda CS: Global Offensive üçin Revolution Case täzelenmesi goýberildi, bu oýna köp sanly kosmetiki zatlar goşuldy.
Belläp geçsek, Valve-niň meşhur onlaýn şuter oýny on ýyl mundan ozal Global Offensive ady bilen çykyp başlady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.