Michelin 2023-nji ýylda diňe bir täze restorana üç ýyldyz berdi

08.03.2023, 14:0216,297

Fransiýanyň günbataryndaky La Marine restorany ýurtda Michelin aşpezlik gollanmasynyň awtorlarynyň üç ýyldyz gowşuran ýeke-täk edarasy boldy. Degişli sanaw Strasburgda geçirilen,  Michelin-niň  saýtynda ýaýlyma berlen dabarada köpçülige mälim edildi.

"Bu biziň ýyldyzymyz. Bu biziň umumy taryhymyz" - diýip, La Marine restoranynyň baş aşpezi Aleksandr Kuýon aýaly bilen sahna çykanda aýtdy. "Biziňki we  elbetde,  tutuş toparymyzky".

Dakarda (Senegal) doglan, 47 ýaşly aşpez-hünärmen 1999-njy ýyldan bäri Biskaý aýlagynyň Nuarmutýe adasyndaky Nuarmutýe-an-l'Il kommunasynda ýerleşýän maşgala restoranynyň aşhanasyny kämilleşdirýärdi. Restoranyň nahar sanawy esasan ýerli balykçylardan satyn alynýan möwsümleýin deňiz önümlerinden durýar.
Umuman alanyňda, diňe Fransiýanyň çägini öz içine alýan sanawda iň ýokary derejeli üç ýyldyzly 29 edara bar. Sanaw yglan edilmezinden bir hepde öň, guramaçylar iki restoranyň üç ýyldyzynyň iki ýyldyza çenli azalýandygyny habar berdiler. Olar: Parižiň VI bölüminde ýerleşýän Guy Saýoy, şeýle hem La Roşelidäki Ghristopher Coutanceau restorany.
Michelin-niň   gastronomiki gollanmasy 1900-nji ýyldan bäri goýberilip, dünýäde iň abraýlylardan biridir. Ony düzmek üçin hünärmenler restoranlara we kafelere ýaşyryn baryp görýärler we olaryň her biri barada jikme-jik hasabat taýýarlaýarlar, şondan soň  Parižde ýerleşýän esasy ofisdäki hasabatlara esaslanyp sanaw düzülýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.