Counter-Strike: GO ýene rekordyny täzeledi: bir wagtda 1,5 mln adam bu oýny oýnady

27.03.2023, 16:3511,449
1 / 2

Ýakynda Counter-Strike 2-iň yglan edilmeginiň çäginde, Counter-Strike: Global Offensive atly häzirki wersiýa gatnaşyjylarynyň sany boýunça ýene bir rekordyny goýdy.

SteamDB hyzmatynyň san maglumatyna görä, bir wagtyň özünde Valve-iň onlaýn atyşygynda 1,5 milliondan gowrak adam boldy!
Onlaýndaky iň ýokary derejäniň takyk sany 1 507 212 adam.

Oýun gatnaşyjylaryň rekordlaryny täzelemegi dowam etdirýär we Steam-de iň köp oýnalýan oýun bolmagynda galýar.
Counter-Strike 2 ondanam has köp oýunçyny özüne çekip bilermikä? Muny basym bileris, çünki 2023-nji ýylyň tomsunda döredijiler atyşygyň täze wersiýasyny çykarmagy wada berýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.