Tim Kuk Hindistanda dabaraly ýagdaýda ilkinji Apple Store dükanyny açdy

19.04.2023, 15:0719,297
1 / 3

Apple Mumbayda Hindistanyň çägindäki ilkinji dükanyny açdy. Bu barada sişenbe güni kompaniýanyň saýtynyň hindi bölüminde habar berildi.

Habarda: "Salam Mumbay! Ýurtdaky ilkinji dükanymyz eýýäm bärde" diýilýär.
Ýurduň iň abraýly söwda toplumlaryndan biri bolan Bandra Kurlada (BKC) ýerleşýän dükanyň açylyş dabarasyna Apple -iň baş direktory Tim Kuk gatnaşdy. Ol Twitterde dükanyň gapysynda ilkinji gelenleri garşylaýan suraty ýerleşdirdi.

Kuk: "Mumbayda energiýanyň, döredijilikli çemeleşmäniň we hyjuwyň bardygyna söz ýok! Biz Hindistanda ilkinji dükanymyz bolan Apple BKC-i açýandygymyza diýseň begenýäris" – diýip ýazdy.

Penşenbe güni kompaniýanyň ikinji dükany, bu gezek Deliniň paýtagtynda, gapylaryny giňden açar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.