Apple 2028-nji ýylyň ahyryna çenli 10-dan gowrak täze iPhone modelini çykarmak isleýär

07.09.2026, 19:394,271
1 / 2

«Bloomberg» agentliginiň habar bermegine görä, Apple kompaniýasy 2028-nji ýylyň ahyryna çenli smartfonlaryň 10-dan gowrak täze modelini hödürlemegi meýilleşdirýär. Agentlik bar bolan maglumatlaryň esasynda kompaniýanyň ýakyn üç ýyl üçin meýilnamalaryny açyp görkezýär.

Eýýäm şu hepde üç sany smartfon çykar:

  • iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max: kameranyň mehaniki diafragmasy, A20 Pro prosessory, C2 modemi, kuwwatlandyrylan batareýasy we täze reňkleri (goýy gyzyl, ýiti gök) bilen tapawutlanar.
  • iPhone Ultra: Apple-iň ilkinji eplenýän smartfony. Bahasy 2000 dollardan geçer, Touch ID ulanylar we öňdebaryjy şarnir mehanizmi bilen üpjün ediler.

2027-nji ýyl:

Indiki ýyldan başlap meýilleşdirilen smartfonlar dürli möhletlerde çykyp biler, çünki kompaniýanyň anons geçirmek üçin sentýabra garaşmak tejribesinden ýüz öwürmek niýeti bar:

  • iPhone 18 we iPhone 18e: ýazda çyjak iň elýeterli modeller.
  • iPhone Air 2: ultra-inçe smartfon bolup, ultra-giň burçly kamera we güýçlendirilen batareýa bilen hödürlener.
  • Täze iPhone Pro we Pro Max (ýubileý nesli): Güýzde hödürlenip, ýylmanak aýna panelleri we düýpli täzelenen dizaýny bilen tapawutlanar.
  • Ikinji nesil eplenýän iPhone: täze prosessor alar.

2028-nji ýyl:

  • Uly eplenýän iPhone: diňe bir daşky däl, eýsem içki çeýe displeýi proporsional ulaldylan smartfon.

Mundan başga 2028-nji ýylda adaty gurluşly beýleki modelleriň täzelenmegine-de garaşylýar.