Mukamlar köşgi 25-nji maýda geçiriljek baýramçylyk konsertine çagyrýar

06.05.2023, 15:0416,153
1 / 2

25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni hem-de okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň estrada ýyldyzlarynyň şowhunly baýramçylyk dynç-alyş konserti geçiriler.

«Ýaşlygymyzyň aýdymlary» atly baýramçylyk konsertinde Türkmenistanyň Döwlet hory, Türkmenistanyň Döwlet tans topary, Myrat Baýramgeldiýew, Gülnar Nuryýewa, Isgender Rejebow, Mähriban Magtymgulyýewa, Durdy Durdyýew, Zylyha Kakaýewa, Söwhet Kasymow, Ahmet Atajanow, Ýaranseba Nina, Döwran Durdyýew dagy çykyş eder.
Konsert 15:00-da başlanar.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 94-10-76; 48-96-83; 48-96-85

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.