Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda okyjylara täze kitabyny gowşurar

23.05.2023, 12:1218,457

Ýakyn günlerde giň okyjylar köpçüligine türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitaby gowşurylar.

22-nji maýda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisiniň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitabynyň dowamy bolan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabyny ýazyp tamamlap gelýändigini we onuň ýakyn günlerde giň okyjylar köpçüligine gowuşjakdygyny aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.