Sentýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler

26.08.2023, 18:0819,800

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Sentýabr aýynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar geçiriler. Şeýle hem

  • «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Çalsana, bagşy!» bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlary;
  • ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň sergisi;
  • «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi» atly halkara maslahat;
  • «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara media forumy geçiriler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar hem-de beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler guralar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.