Guraklyk sebäpli dinozawrlaryň aýak yzlary ýüze çykaryldy

10.09.2023, 12:5535,253

Guraklyk paleontologlara dinozawr aýak yzlarynyň iň uzyn zynjyryny tapmaga kömek etdi. Bu açyş ABŞ-nyň Tehas ştatynyň GlenRouz döwlet seýilgähiniň çäginde ýüze çykaryldy.

Takmynan, 110 million ýyl ýaşy bolan aýak yzlary Paluksi derýasynda uzak wagtlap suwuň aşagynda gizlenipdi. Emma gurak gelen iki ýyldan soň onuň düýbi açyldy.
Alymlar iki dürli görnüşe degişli 70 sany aýak yzyny ýüze çykardylar. Olaryň biri ýyrtyjy akrokantosawra, beýlekisi bolsa pillere meňzeş, uzyn boýunly, ot bilen iýmitlenýän zauroposeýdona degişlidir.
Akrokantosawr irki hek döwründe (145 – 101 million ýyl ozal) Demirgazyk Amerikadaky iň iri ýyrtyjylaryň biri bolupdyr. Onuň bedeniniň uzynlygy 12 metre ýetipdir. Londondaky Tebigatyň taryhy muzeýiniň berýän maglumatlaryna görä, zauroposeýdonlaryň uzynlygy 30 metre, agramy bolsa, takmynan, 50 tonna ýetipdir.
Dallas Paleontologiýa jemgyýetiniň agzalary aýak yzlaryny kartada ýerleşdirmegi we geljekki gözlegler üçin olaryň nusgasyny almagy meýilleşdirýärler diýip, «Live Science» habar berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.