Hytaýda gaýtadan ulanylýan ilkinji raketa noýabr aýynda uçurylar, ýöne onuň  yzyna gaýdyp gelmezligi hem mümkin

17.02.2024, 23:5514,768

Hytaýyň Galactic Energy kompaniýasy ilkinji gaýtadan ulanylýan “Pallada-1” raketasyny 2024-nji ýylyň noýabr aýynda orbita çykarmagy meýilleşdirýär diýip, SCMP habar berýär.

Bu ýurtda şu zeýilli ilkinji uçuryş bolar. Raketa pes orbita 5 tonna çenli ýüki çykaryp biler.
“Pallada-1”-iň uçurylmagy, beýleki hytaý kompaniýalarynyň 2025-nji ýylda meýilleşdirýän ilkinji çykyşlaryndan öňürdip, Hytaýda taryhy waka bolup biler.
Şeýle-de bolsa, raketanyň birinji basgançagynyň gaýdyp geljekdigi entek tassyklanmady.
Galactic Energy Ceres-1 raketasyny 9 gezek şowly uçurmak bilen, Hytaýyň hususy kosmos gözleg pudagynda özüni tanatdy.
Hytaýa müňlerçe hemra aragatnaşygy toplumlaryny orbitada ýerleşdirmek üçin gaýtadan ulanylýan raketalar zerur.
Ilon Maskyň SpaceX-i gaýtadan ulanylýan raketalaryň ählumumy sferasynda öňdebaryjydygyny bellemelidiris.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.