Dueýn Jonson we Kris Ewans bilen “Gyzyl” Täze ýyl komediýasynyň treýleri çykdy

30.06.2024, 23:526,439
1 / 2

Amazon MGM Studios “Gyzyl” (Красный) Täze ýyl komediýasynyň treýlerini hödürledi. Komediýada Dueýn Jonson bilen Kris Ewans alnyp gaçylan Santa-Klausyň gözlegine ugraýar.

Filmde gürleýän ak aýy, betpäl gar adamlary we beýleki mifiki jandarlar hem peýda bolar.
Lentanyň režissýory hökmünde “Jumanji: Täze dereje” lentasy bilen belli bolan Jeýk Kezdan çykyş etdi. Santanyň keşbini “Oskar” baýragynyň eýesi J.K.Simmons ýerine ýetirdi.
Dünýä prokatynda “Gyzyl” filminiň premýerasy 15-nji noýabra meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.