Chrome-da dürli goşundylardaky önümleri deňeşdirmek funksiýasy bolar

03.08.2024, 12:271,205
1 / 2

Chrome brauzeri ulanyjylara dürli goşundylardaky (wkladkalardaky) önümleriň häsiýetnamalaryny deňeşdirmäge mümkinçilik berýän, generatiw AI (emeli aň) esasly täze “Wkladkalary  deňeşdirmek” funksiýasyny alar diýip, The Verge neşiri habar berýär.

Funksiýa açyk wkladkalardan önümler baradaky maglumatlary ýygnaýar we olary amatly tablisa görnüşinde hödürleýär. Ol bahany, kuwwaty, seslenmeleri we beýleki möhüm häsiýetnamalary seljerýär, her önüm babatynda gutarnykly karara gelýär.
Google şeýle guralyň ulanyjylaryň işini has aňsatlaşdyrjakdygyna, önümleri çalt we netijeli deňeşdirmäge, iň oňat görnüşi saýlamaga mümkinçilik berjekdigine ynanýar.
Şeýle-de bolsa, funksiýanyň çäklendirmeleri bar. Häzirki wagtda birbada 10-dan köp dürli önümi deňeşdirip bolmaz.
“Wkladkalary deňeşdirmek” hyzmaty ýakyn wagtda elýeterli bolar, takyk çykjak senesi entek aýan edilmedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.