Nowak Jokowiç bäşýyllyk arakesmeden soň Şanhaýdaky “Masters” ýaryşyna gaýdyp geler

08.08.2024, 06:262,274

Serbiýaly tennisçi we dünýäniň ikinji raketkasy Nowak Jokowiç soňky bäş ýylda ilkinji gezek Hytaýyň Şanhaý şäherindäki “Masters” ýaryşyna gatnaşar. Bu barada “Çempionat” ýaryşyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Ýaryş 2 – 13-nji oktýabrda hard düşekde geçiriler, oňa 96 tennisçi gatnaşar. Jokowiç Şanhaýdaky ýaryşyň dört gezek çempionydyr.
Öň, Pariždäki 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynda serbiýaly türgen karýerasynda ilkinji gezek altyn medal alyp, karýera “Altyn tuwulgasyny” gazandy: dört “Uly tuwulga” ýaryşyndaky ýeňişler (Awstraliýanyň Açyk çempionaty, “Rolan Garros”, “Wimbledon”, ABŞ-nyň Açyk çempionaty) we Olimpiýa altyn medaly göz öňünde tutulýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.