Meşhur fransiýaly aktýor Alen Delon aradan çykdy: ol 88 ýaşyndady

19.08.2024, 09:138,228

88 ýaşynda fransiýaly aktýor – XX asyryň iň meşhur kino ýyldyzlarynyň biri aradan çykdy. Bu barada onuň çagalary habar berdi diýip, AFP agentligine salgylanyp, RBK ýazýar.

“Ol Duşidäki öýünde, üç çagasynyň arasynda rahat ýagdaýda aradan çykdy” – diýlip, habarda aýdylýar.

Ölümiň sebäbi aýdyňlaşdyrylmaýar. 2019-njy ýylda aktýor insulty başdan geçiripdi.
Alen Delon 1935-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Parižiň eteginde dünýä indi. Ol 17 ýaşynda Hindi-hytaýa deňizçi bolup gulluk etmäge gidýär, bäş ýyldan soň Fransiýa gaýdyp gelýär. Özüniň ilkinji filminde surata düşmezden öň, Delon birnäçe işlerde işleýär: ýükçi, ofisiant, barmen. Ekranda ilkinji gezek çykanyndan üç ýyl soň Delon “Rokko we doganlary” (Рокко и его братья, 1960) dramasynda baş keşbi üçin halkara ykrarnamasyny alýar.
Alen Delon “Parlak Günde” (На ярком солнце, 1960), “L’eclicce” (Затмение, 1962), “Leopard” (1963), “Gara çigildem” (Черный тюльпан, 1964), “Samuraý” (1967), “Borsalino” (1970), “Şäherde ikisi” (Двое в городе, 1970), “Zorro” (1975), “Tähran-43” (Тегеран-43, 1980) we “Biziň hekaýamyz” (Наша история, 1984) ýaly belli filmlerde surata düşdi.
2017-nji ýylyň maý aýynda Delon karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi. “Men artykmaç söweşmek islemeýän boksçy ýaly, artykmaç filmde surata düşmek islemeýärin” – diýip, aktýor aýtdy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.