“Dedpul we Rosomaha” R reýtingli iň girdejili filmleriň sanawynda “Jokerden” öňe geçdi

19.08.2024, 01:117,501

Marvel-iň “Dedpul we Rosomaha” filmi kassa ýygymy boýunça R (18+) reýtingli iň girdejili filmleriň sanawynda birinji orny eýeledi.

Film 2019-njy ýylda çykyp, 1,079 mlrd dollar bilen bu tituly saklan “Jokerden” öňe geçdi.
Täze kinokomiksiň kassa ýygymy 1,086 mlrd dollar bolup, onuň 516,8 mln dollary ABŞ-nyň we 568,8 mln dollary bolsa halkara sebitleriň paýyna düşýär.
“18+” ýaş çägi bolan iň girdejili filmleriň arasynda “Oppengeýmer”, “Dedpul”, “Dedpul 2” ýaly filmler hem bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.