Ýewropada tomusky transfer penjiresi ýapyldy: "Çelsi" hemmeden köp sowdy

01.09.2024, 07:569,027

Ýewropada 2024/2025 möwsüminiň tomusky transfer penjiresiniň soňky güni geçdi. Öňdebaryjy bäş Ýewropa ligasynyň klublary indi diňe “daşary” transferleri amala aşyryp bilerler.

Germaniýada ähli resminamalar 30-njy awgustda Aşgabat wagty bilen sagat 23:00-dan öň taýýar bolmalydy. Fransiýada transfer penjiresi ýarygijeden soň 02:00-da ýapyldy, Angliýada, Italiýada we Ispaniýada bolsa sagat 3:00-da ýapyldy. Şu tomus transferlere iň köp çykdajy eden klub Londonyň “Çelsisi” boldy – 261 mln ýewro.
Belläp geçsek, Ýewropada gyşky transfer penjiresi 2025-nji ýylyň 1-2-nji ýanwarynda açylar we 3-4-nji fewralyna çenli dowam eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.