Sigeru Isiba Ýaponiýanyň täze premýer-ministri bolar

28.09.2024, 08:532,286

Ýaponiýanyň öňki goranmak ministri 67 ýaşly Sigeru Isiba dolandyryjy Liberal-demokratik partiýanyň (LDP) ýolbaşçysy saýlandy we 1-nji oktýabrdan ýurduň täze premýer-ministri bolar. Bu barada TASS habar berýär.

Ol ses berişligiň ikinji tapgyrynda partiýadaşlaryň 415 sesinden 215-isini aldy. Onuň bilen birlikde ikinji tapgyra çykan Ýaponiýanyň ykdysady howpsuzlyk ministri 63 ýaşly Sanae Takaiti 415 sesden 194 ses aldy. Ikinji tapgyrda LDP-niň ses hukugy bolan 368 deputatyndan 362-si ses berdi, prefekturalardan partiýa wekilleri tarapyndan bolsa 47 ses berildi.
Umuman alanyňda, saýlawlara 1,1 mln adam, ýagny Ýaponiýanyň ilatynyň 1% töweregi gatnaşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.