Ýaponiýanyň hökümetiniň düzümi täzelendi

Şu gün, 20:101,446

17-nji sentýabrda Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary hökümetiň täze düzümini emele getirmegiň çäklerinde wezipeden çekilmek barada arzalaryny berdi. Şondan soň Ýaponiýanyň premýer-ministri Sanae Takaiti wezipä geleni bäri kabinet düzüminiň ilkinji täzelenmesine girişdi diýip, «Mainichi» neşiri habar berýär.

Kadr üýtgeşmeleri oktýabr aýynda garaşylýan parlamentiň nobatdan daşary sessiýasynyň öňüsyrasynda syýasatyň yzygiderliligini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ministrleriň aglabasy öz wezipelerini saklap galdy, olaryň hatarynda Ministrler Kabinetiniň baş sekretary Minoru Kihara, daşary işler ministri Tosimisu Motegi, maliýe ministri Sasuki Kataýama, goranmak ministri Sindziro Koidzumi hem-de ykdysady we fiskal syýasat boýunça ministr Minoru Kiuti bar.

Şol bir wagtyň özünde, Takaiti içeri işler ministrini çalyşdy. Ýosimasa Haýasiniň ornuna ministrlige Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasyndan (LDP) Wekiller palatasynyň deputaty Hisaýuki Fudzii ýolbaşçylyk eder.

Hökümetiň düzümini täzelemegiň dowamynda LDP-niň ýolbaşçysy wezipesi ugrundaky göreşde Takaiti bilen bäsleşen syýasatçylary — Motegini we Koidzumini hökümetde saklap galmak baradaky çözgüt aýratyn ünsi çekdi. Haýasi hem partiýanyň ýolbaşçysynyň geçen ýylky saýlawlaryna gatnaşypdy.

Ýene bir möhüm üýtgeşme dolandyryjy koalisiýa boýunça LDP-niň kiçi hyzmatdaşy bolan Ýaponiýanyň Innowasiýalar partiýasynyň (JIP) wekiliniň kabinetiň düzümine goşulmagy boldy. Partiýanyň öňki baş sekretary Hirosi Nakasuka ministrlik ornuny alyp, koalisiýa emele gelenden soň ýapon hökümetinde JIP-iň ilkinji wekili boldy.

Täze parlament sessiýasynyň esasy meseleleriniň biri 2027-nji ýylyň aprelinden başlap, iki ýyl möhlet bilen azyk önümleriniň sarp edilişine salgydy 8%-den 1%-e çenli azaltmak baradaky teklip bolar. «Reuters» agentliginiň baha bermegine görä, bu çäre býujet girdejileriniň, takmynan, 5 trillion ýena möçberde azalmagyna getirip biler.

Şeýle hem parlament aşaky palatadaky orunlaryň sanyny azaltmagy göz öňünde tutýan syýasy özgertmeler baradaky kanun taslamasyna seredip biler. Onuň seredilmegi ozal oppozisiýa tarapyndan bildirilen tankytlardan soň yza süýşürilipdi.