30-njy awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen onuň Aşgabada sapar bilen gelen ýaponiýaly kärdeşi Tosimitsu Moteginiň duşuşygy geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler syýasy gatnaşyklary, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berdiler.
Döwletara gatnaşyklaryň giň gerim almagynda ýokary we iň ýokary derejelerdäki yzygiderli aragatnaşyklaryň esasy itergi berýändigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurduň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi. «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatyndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi.
Ykdysady ugurda ministrler gaz-himiýa senagatynda, elektroenergetika, ulag, öňdebaryjy tehnologiýalar we emeli aň pudaklarynda hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns çekildi. Ýapon tarapy Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi.
Duşuşykda «Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «ITOCHU Corporation» we «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» ýaly iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň oňyn tejribesi hem bellenildi.
Mundan başga-da, şu ýyl Tokioda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlisine taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bilim ulgamy we beýleki medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi.
Gepleşikleriň jemi boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2029-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.
