Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün, 02:29984

30-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Tosimitsu Motegini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň başynda Tosimitsu Motegi wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanyna hoşallygyny bildirdi. Ol Ýaponiýada Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle hem myhman Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Sanae Takaitiniň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Ýaponiýanyň daşary işler ministri Kumamoto prefekturasynda bolup geçen ýertitreme zerarly bildirilen gynanç üçin hem döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigi, olaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi bellenildi. Şeýle hem iki ýurduň diňe ikitaraplaýyn däl, eýsem köptaraplaýyn esasda, hususan-da, «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Parlamentara gatnaşyklaryň hem yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetiniň işine aýratyn ähmiýet berildi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň «Itochu Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýaly iri ýapon kompaniýalary bilen gaz we himiýa senagaty pudaklarynda köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Olaryň gatnaşmagynda uly senagat desgalarynyň gurlandygy we geljekde hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň hem iki halkyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda Medeniýet günlerini, sergileri we beýleki çäreleri geçirmäge aýratyn üns berilýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Tosimitsu Motegi türkmen-ýapon döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.