Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji sentýabrda Aşgabada sapar bilen gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kenji Ýamadany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berip, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşini maslahatlaşdy.
Kenji Ýamada duşuşmaga döredilen mümkinçilik we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Ol döwlet Baştutanyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we premýer-ministri Sanae Takaitiniň mähirli salamyny ýetirdi.
Döwlet ministri Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine hem-de Osakadaky «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Milli gününiň geçirilmegi sergidäki ilkinji şeýle çäre bolup, ýurda uly gyzyklanmany döretdi.
Şeýle hem taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy. Prezident ykdysadyýetde, söwdada we senagatda özara gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýetini belledi, şeýle hem innowasion tehnologiýalar we döwrebap inženerçilik babatynda ýapon tejribesine uly baha berdi.
Awtoulag, gazhimiýa we agrosenagat ulgamlarynda iri taslamalary durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalary bilen toplanan hyzmatdaşlyk tejribesi hem aýratyn bellenilip geçildi.
Şol gün Kenji Ýamada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Taraplar işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegi, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna ýapon tehnologiýalaryny hem-de tejribesini çekmegi maslahatlaşdy.
Duşuşygyň dowamynda energetika, senagat, ulag, himiýa pudagynda we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk barada pikir alşyldy. Taraplar döwrebap tehnologiýalary, sanlylaşdyrmagy we aýlawly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigini aýratyn belledi.
Raşid Meredow we Kenji Ýamada Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň esasy mehanizmleriniň biri hökmünde möhüm ornuny nygtady.