Taktil duýgulary geçirýän plastyr döredildi. Ol lukmançylykda we VR oýunlarynda peýdaly bolup biler

10.11.2024, 22:577,427

ABŞ-da Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň alymlary taktil duýgulary döredip bilýän özboluşly plastyry işläp taýýarladylar. Nature žurnalynda beýan edilen bu innowasiýa köp ýerde ulanyp boljakdygy sebäpli eýýäm hünärmenleriň we iri kompaniýalaryň ünsüni özüne çekdi.

Plastyr 19 sany kindiwanja herekete getirijili  çeýe matrisadan durýar. Bu herekete getirijiler titremeden başlap, basyşa we öwrümlere çenli hakyky duýgur simulýasiýany üpjün edip, dürli taktil täsirleri öndürip bilerler.
Ölçeginiň kiçidigine garamazdan, enjam batareýa bilen işleýär we diňe herekete getirijiler ýerini üýtgedeninde energiýa sarp edýär, bu bolsa energiýany tygşytlamaga we iş wagtyny uzaltmaga mümkinçilik berýär.
Enjamy döredijiler ony wideo oýunlaryndan we wirtual hakykatdan başlap medisina çenli dürli ugurlarda ulanyp  boljakdygyny aýdýarlar. Hususan-da, plastyr görşi pes adamlar üçin täsirli gural bolup biler. Synaglaryň dowamynda gözleri daňlan gatnaşyjylar taktil duýgular arkaly giňişlikde ugur tapmagy öwrendiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.