Ridli Skott iň köp girdeji gazanan režissýorlaryň 10-lugyna girdi. Onuň filmleri 4,8 milliard dollar gazandy

28.11.2024, 15:083,498

Ridli Skott kinematografiýanyň taryhynda iň köp girdeji gazanan on režissýoryň biridir. Muňa bir hepdede 220 million dollardan gowrak pul ýygnan “Gladiatoryň” ikinji bölüminiň gazanan üstünligi täsirini ýetirdi diýip, Collider ýazýar.

Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, şu güne çenli režissýoryň ähli filmleriniň umumy girdejisi 4,8 milliard dollar diýlip çaklanylýar.
Häzirki wagtda ol reýtingde diňe Kristofer Nolan, Dewid Ýeýts, Maýkl Beý, Piter Jekson, Russo doganlar, Jeýms Kemeron, Tim Berton we Stiwen Spilberg ýaly režissýorlardan yza galýar.
Ridli Skottuň filmleri žanrlarynyň dürlüdigi bilen tapawutlanýar, şol bir wagtda onuň eserleriniň köpüsi eýýäm nusgawy kinolar hökmünde ykrar edilýär. Hususan-da, “Keseki” (“Чужой”) atly gorkunç ylmy-fantastiki filme, “Tygyň ýüzünden ylgap barýan” (“Бегущий по лезвию”) fantastiki boýewigine, “Telma we Luiza” kriminal dramasyna, “Esger Jeýn” (“Солдат Джейн”) harby dramasyna, “Gladiator” peplumyna, “Asman şalygy” (“Царство небесное”) taryhy eposyna režissýorlyk etdi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.