Türkmenistan çagalar-ýetginjekler futbolyny ösdürmek boýunça Belgiýa bilen gepleşikleri geçirýär

13.01.2025, 10:114,100

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Futbol Assosiasiýasynyň we Germaniýanyň Futbol Bileleşiginiň wekilleri bilen onlaýn-duşuşyklary geçirdiler. Bu barada federasiýanyň saýtynda habar berilýär.

Belgiýa Patyşalygynyň Futbol Assosiasiýasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň esasy ugry BPFA-nyň baý tejribesini ulanyp, ýurdumyzda tälimçilik bilimini artdyrmaga hem-de çagalar-ýetginjekler futboluny ösdürmäge bagyşlanyldy. 
Taraplar TFF-niň wekiliýetiniň Belgiýa futbolynyň işleriniň gurluşyny hem-de ýaş zehinleri ýetişdirmegiň metodikasyny öwrenmek maksady bilen BPFA sapar guramagy meýilleşdirdiler.
Germaniýanyň Futbol Bileleşigi bilen duşuşygyň dowamynda hem TFF bilen GFB-niň arasynda Türkmenistanda çagalar-ýetginjekler futbolyny hem-de tälimçilik bilimini ösdürmekde Germaniýanyň tejribesini durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy.
Taraplar ikitaraplaýyn maslahaty dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.