Amazon Prime Video-da Fallout serialyna 100 mln adam tomaşa etdi

01.02.2025, 08:224,492

Amazon Prime tarapyndan döredilen Fallout serialy 2024-nji ýylda platformada iň üstünlikli reliz boldy. Luminate kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, postapokaliptik serial tas 8 mlrd minut tomaşa ýygnady.

Serialdaky waka 2296-njy ýylda ýaýbaňlanýar. Şou weýran bolan Los-Anjelesi öwrenmek üçin gaçybatalgany terk edýän ýaş zenan Lýusi barada gürrüň berýär.
Fallout serialy Bethesda Game Studios-yň meşhur wideo oýun seriýasyna esaslanýar. Geçen ýylyň 10-njy aprelinde çykany bäri serial tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Ol çykandan 16 gün soň 65 mln tomaşaçy ýygnap, platformanyň taryhynda ikinji meşhur reliz boldy. Ondan öňde diňe 2022-nji ýylyň “Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri” bar. 2024-nji ýylyň oktýabrynda tomaşaçylaryň sany 100 milliondan geçdi.
Serialyň meşhur bolmagy wideo oýunlar seriýasynyň satuwynyň ösmegine-de itergi berdi.
Üstünligiň esasynda Amazon taslamany ikinji möwsüme uzaltdy. Surata düşürmek işlerini ýakyn wagtda başlamak meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.