Counter-Strike 2-de global näsazlyk ýüze çykdy

23.02.2025, 13:355,023
1 / 2

22-nji fewralda Counter-Strike 2 oýnunyň serwerlerinde bütin dünýä boýunça näsazlyklar ýüze çykdy.

Müňlerçe oýunçy özleriniň oýundan çykarylýandygyny we täze oýun başlatmakçy bolanda «Serwer bilen baglanyşyk ýok» (Нет соединения с сервером) diýen habary alýandygyny aýtdylar.

DownDetector hyzmatynyň maglumatlaryna görä, ilkinji meseleler Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de ýüze çykyp başlady. Bu näsazlyk Awstriýa, Fransiýa, ABŞ, Kanada, Beýik Britaniýa, Russiýa, Finlýandiýa, Germaniýa we beýleki ýurtlara-da täsir etdi.
Mesele soň çözüldi, emma näsazlygyň sebäbiniň nämedigi belli bolmady. Valve bu ýagdaý barada hiç hili düşündiriş bermedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.