Google howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin SMS tassyklamasyny QR kod bilen çalşar

27.02.2025, 16:072,404

Google ýakyn aýlarda öz hyzmatlarynda SMS tassyklamasyndan ýüz öwrüp, ony QR kod bilen çalyşmagy meýilleşdirýär.

The Verge-iň habar bermegine görä, şeýle çözgüt SMS habarlarynyň gowşaklygy sebäpli kabul edildi. Çünki, olary sosial inženerlik usullarynyň ýa-da aragatnaşyk operatorlarynyň infrastrukturasyna hüjümleriň kömegi bilen ýasap bolýar. Şol bir wagtyň özünde SMS habarlarynyň howpsuzlygy gönüden-göni bellibir operatora bagly bolýar, bu hem bu usuly dünýä derejesinde ygtybarsyz edýär.

QR kodlar has ygtybarly hasaplanýar, sebäbi olar dinamiki döredilýär we bu olaryň “tutulmagyny” ýa-da ýasalmagyny kynlaşdyrýar. Ulanyjylar öz şahsyýetini tassyklamak üçin gurluşyň kamerasynyň kömegi bilen kody skanirlär.

Täze usula geçiş ýakyn aýlarda başlar we Google-yň Gmail, YouTube we Google Drive ýaly ähli hyzmatlaryna degişli bolar.

Google ähli ulanyjylara üýtgeşmelere öňünden taýýar bolmagy: programmalary soňky wersiýalara çenli täzelemegi we gurluşlaryň QR kodlary skanirlemegi goldaýandygyna göz ýetirmegi maslahat berýär. Doly geçişiň takyk senesi belli däl, ýöne proses geljek birnäçe aýda tamamlanar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.