«Neçža 2» girdejisi boýunça «Möý adam: Öýe ýol ýokdan» öňe geçdi

03.03.2025, 06:322,236

«Neçža aždarhalaryň şasyny ýeňýär» (Нэчжа побеждает царя драконов) multifilmi dünýä boýunça reýtinglerde öňe gitmegini dowam etdirýär. Filmiň umumy girdejisi 1-nji martda 1,942 mlrd dollardan geçdi.

Multifilm bu görkezijisi bilen iň köp girdeji gazanan filmleriň sanawynda ýedinji orny eýeledi we girdejisi 1,922 mlrd dollar bolan «Möý adam: Öýe ýol ýok» (Человек-паук: Нет пути домой) filmini yzda galdyrdy.
Bir basgançak ýokardaky orna çykmak üçin, filmiň girdejisi indi 2,048 mlrd dollardan geçmeli – bu mukdar «Ar alyjylar: Bakylyk urşy» (Мстители: Война бесконечности) filmine degişlidir.
Dünýä taryhynda iň köp girdeji gazanan 10 film:

  1. «Awatar» (Аватар) – 2,923 mlrd dollar
  2. «Ar alyjylar: Final» (Мстители: Финал) – 2,797 mlrd dollar
  3. «Awatar: Suwuň ýoly» (Аватар: Путь воды) – 2,32 mlrd dollar
  4. «Titanik» (Титаник) – 2,257 mlrd dollar
  5. «Ýyldyz söweşleri: Güýjüň oýanmagy» (Звёздные войны: Пробуждение Силы) – 2,068 mlrd dollar
  6. «Ar alyjylar: Bakylyk söweşi» (Мстители: Война бесконечности) – 2,048 mlrd dollar
  7. «Neçža 2» (Нэчжа 2) – 1,942 mlrd dollar
  8. «Möý adam: Öýe ýol ýok» (Человек-паук: Нет пути домой) – 1,922 mlrd dollar
  9. «Tapmaça 2» (Головоломка 2) – 1,698 mlrd dollar
  10. «Ýura eýýamynyň dünýäsi» (Мир Юрского периода) – 1,671 mlrd dollar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.