Kianu Riwz “Balerina” filminde Jon Uigiň keşbine gaýdyp gelýär

22.03.2025, 11:044,820
1 / 2

Lionsgate mediakorporasiýasy “Jon Uik” ekşn-franşizasynyň spin-offy bolan “Balerina” filminiň täze treýlerini hödürledi. Baş keşbi Ana de Armasyň ýerine ýetirmeginde bu film 6-njy iýunda çykar.

Wideoda aktrisa russiýaly balerina Ýewa Makarronyň keşbinde çykyş edip, maşgalasyny heläk edenlerden ar almak isleýän ganhora öwrülýär. Şeýle-de, filmde Jon Uik peýda bolar, onuň keşbini ýene-de Kianu Riwz ýerine ýetirýär.
“Balerinanyň” wakalary “Jon Uik-3” bilen “Jon Uik-4” filmleriniň arasynda ýaýbaňlanýar.
Film dördünji bölümiň premýerasyndan 2 ýyldan soň çykýar. Ýatlap geçsek, bu bölüm seriýada iň girdejilisi bolup, bütin dünýäde 400 mln dollardan gowrak girdeji ýygnapdy. Umuman alanyňda, Jon Uik barada ilkinji dört film dünýäde 1 mlrd dollardan gowrak girdeji gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.