“Oskar” baýragyny alan “Kokonyň syry” multfilminiň dowamy çykarylar

22.03.2025, 18:343,327
1 / 2

2018-nji ýylda iň gowy animasion film hökmünde “Oskar” baýragyny alan “Kokonyň syry” (Тайна Коко) multfilminiň dowamy çykarylar. Bu barada Pixar studiýasy sosial ulgamlarda habar berdi.

“Kokonyň syry-2” 2029-njy ýylda kinoprokata çykar. Häzir taslama önümçiligiň irki tapgyrynda bolup, onuň üstünde režissýor Adrian Molina işlär. Ýakynda onuň täze “Elio” multfilminiň treýleri hem hödürlendi. Şeýle-de, “Kokonyň syrynyň” ikinji bölümine “Oskaryň” eýesi Li Ankriç gatnaşar.
Animasion taslamanyň prodýuseri hökmünde “Oýnawaçlaryň taryhy-4” (История игрушек-4) we “Tapmaça-2” (Головоломка-2) multfilmleriniň üstünde işlän Mark Nilsen çykyş eder.
Disney-iň ýolbaşçysy Bob Aýgeriň aýtmagyna görä, multfilm gülküden we başdangeçirmelerden doly bolar.
Asyl multfilm 2017-nji ýylda çykdy. Ol sazanda bolmagy arzuw edýän we öz maşgalasynyň hakyky wakasyny bilmek üçin Ölüleriň ýurduna ugraýan meksikaly oglanjyk Migel barada gürrüň berýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.