Marvel-iň «Demir ýüregi» 24-nji iýunda görkezilip başlanar

24.03.2025, 12:233,392
1 / 4

Marvel kinostudiýasy «Demir ýürek» (Железное сердце) supergahryman serialynyň premýerasynyň 24-nji iýunda boljakdygyny mälim etdi. Şeýle-de awtorlar serialyň baş gahrymanynyň täze suratlaryny paýlaşdylar.

Ýatladyp geçsek, bu taslama Marvel-iň komikslerindäki adybir gahryman – örän zehinli inženerlik başarnyklary bilen özüniň sowutlanan superkostýumyny döreden ýaş talyp gyz hakda gürrüň berer.
Serialyň baş keşbini Dominik Torn, esasy antagonist Parker Robbinsi bolsa Entoni Ramos ýerine ýetirýär. Mundan öň serialyň aktýorlar toparyna Saşa Baron Koeniň hem goşuljakdygy mälim edilipdi.


Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.