Jeki Çan bilen “Karateçi oglanjyk: Ussatlar” filminiň premýeradan öň täze treýleri çykdy

04.04.2025, 11:227,773
1 / 2

Sony Pictures “Karateçi oglanjyk: Ussatlar” (Каратэ-пацан: Легенды) filminiň ikinji treýlerini çykardy. Film 30-njy maýda prokata çykar.

Sport dramasy Hytaýdan Nýu-Ýorka göçýän ýetginjek barada gürrüň berer. Üstünden gülmeler bilen ýüzbe-ýüz bolup, ol tomaşaçylara mundan öňki film boýunça tanyş bolan jenap Hanyň ýolbaşçylygynda karate bilen meşgullanyp başlaýar.
Baş keşplerde – Jeki Çan, Ben Ban (“Asly Hytaýdan bolan amerikaly”) we Ralf Maççio “Karateçi ýigit”, “Kobra Kaý”). Režissýor hökmünde Jonatan Entuistl çykyş etdi.
Jeki Çan bilen Jeýden Smitiň gatnaşmagyndaky birinji film 2010-njy ýylda çykdy we dünýä prokatynda 359 mln dollar gazandy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.