«Minecraft kinoda» ilkinji uik-endde girdejisi boýunça «Barbini» geçdi

08.04.2025, 16:565,674

«Minecraft kinoda» filminiň ilkinji uik-enddäki girdejisi ABŞ-da 163 million dollara ýetdi. Bu Warner Bros. studiýasynyň taryhyndaky iň gowy üçünji netijedir.

Film Greta Gerwigiň «Barbi» filminden hem has gowy netije gazandy.
Tankytçylaryň seslenmeleri garyşyk boldy – Rotten Tomatoes-da oňa berlen synlaryň 53%-i oňyn boldy. Emma tomaşaçylar filmi tankytçylardan ýokary bahalandyrdylar. Wideooýunlaryň ekranlaşdyrmalary boýunça beýleki filmler bilen deňeşdirilende, film «Warkrafta» meňzeş, ýöne «Doganlar Super Mariodan» we «Sonik kinoda» trilogiýasyndan pes baha aldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.