Türkmenistanda Liwiýanyň Medeniýet günleri geçiriler

19.04.2025, 10:101,990

Türkmenistanda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçiriler. Çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer B.Seýidowa 18-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Çäräniň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler. Bu ýerde arap kalligrafiýasynyň we Liwiýanyň milli lybaslarynyň, kitaplaryň hem-de milli tagamlaryň sergisini guramak, «Adamzadyň medeni ösüşini açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen alymlarynyň eýeleýän orny» atly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Medeniýet günleriniň çäklerinde myhmanlaryň «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Şekillendiriş sungaty muzeýine hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerlerine baryp görmekleri göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.