Ilon Maskyň Grok çat-boty indi gürleşip bilýär

06.05.2025, 11:182,694

xAI kompaniýasy Grok çat-botuny täzeläp, oňa ses aragatnaşygy funksiýasyny goşdy. Indi ulanyjylar ses arkaly sorag berip, audio jogaplary alyp bilýär. Funksiýa iOS gurluşlarynyň eýeleri üçin Grok programmasynda elýeterlidir.

Android-de ses režimi diňe SuperGrok ulanyjylary üçin açyk.
Tehnologiýa birnäçe dili goldaýar, bu hem emeli aň bilen aragatnaşygy giň köpçülik üçin amatly edýär.
xAI-iň esaslandyryjysy Ilon Mask täze funksiýa ýokary baha berdi: “Grok-yň ses režimini synap görüň. Bu haýran galdyryjy” – diýip, ol X sosial ulgamynda ýazdy.
Grok-yň özi hem täzelänme teswir berdi: “Grok “Goý, ses bolsun” diýdi we ses ýaňlandy”.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.