Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

03.06.2026, 10:153,734

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan başlap ulanyjylara elýeterli edildi.

Täze ulgam daşary ykdysady işiň haryt sanawy boýunça kodlaryny kesgitlemäge, zerur bolan rugsat beriş resminamalary barada deslapky maglumatlary almaga hem-de eksport-import amallary amala aşyrylanda gümrük paçlarynyň möçberini hasaplamaga mümkinçilik berýär.

Bu taslama «Gümrük işini sanlylaşdyrmak arkaly sebitleýin arabaglanyşygy ösdürmek we «Akylly» gümrügi döretmek» boýunça başlangyçlaryň çäginde, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirildi.

Utgaşdyrylan bu ulgam göni iş tertibinde işleýär hem-de türkmen, rus we iňlis dillerini goldaýar.

Döwlet gümrük gullugynyň bellemegine görä, emeli aňyň ornaşdyrylmagy harytlary toparlara bölmek işini ýeňilleşdirmäge, gümrük taýdan resmileşdirmek işleriniň möhletini gysgaltmaga, gümrük paçlaryň hasaplanyşynyň hem-de daşary söwda statistikasynyň ýöredilmeginiň takyklygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Şeýle hem, bu täze mümkinçilikler sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge we daşary ykdysady işe gatnaşyjylara berilýän maglumat goldawynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.