Günbatar Goturdepe käninde uglewodorod serişdeleriniň baý senagat akymy alyndy

14.05.2025, 10:155,558

"Türkmengeologiýa" döwlet konserniniň "Lebapnebitgazgözleg" ekspedisiýasynyň agzalary Günbatar Goturdepe känindäki №1907 gözleg guýusyndan uglewodorod çig malynyň senagat akymyny aldylar. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron gazeti habar berýär.

Guýynyň çuňlugy 4 000 metre golaýlap, bu kän boýunça iň çuň guýy boldy. Gözlegleriň netijesinde aşaky gyzylgatly plastlaryň 13-njisinde nebit we tebigy gazyň baý ýataklary ýüze çykaryldy.
Hünärmenleriň maglumatyna görä, guýynyň bir günlük öndürijiligi 93,4 tonna çig nebit we 4 430 kub metr tebigy gaz bilen ölçelýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, işleriň üstünlikli tamamlanmagy känleriň gymmatly çig mallar bilen baýdygyny we olaryň uly senagat ähmiýetiniň bardygyny tassyklaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.