Angliýanyň Premýer-ligasy täze möwsüm üçin senenamany hödürledi

20.06.2025, 04:454,609

Angliýanyň Premýer-ligasy resmi saýtynda 2025/2026 möwsümi üçin oýunlaryň tertibini hödürledi.

Birinji tapgyr 2025-nji ýylyň 16-njy awgustyna geçilýän gije başlar – Angliýanyň häzirki çempiony “Liwerpul” öz meýdançasynda “Bornmuty” kabul eder. Jemleýji 38-nji tapgyr 2026-njy ýylyň 24-nji maýynda bolar.
Angliýanyň çempionatynyň birinji tapgyrynyň tertibi (Aşgabat wagty):
16-njy awgust, şenbe

  • ·00:00. “Liwerpul” – “Bornmut”
  • ·16:30. “Aston Willa” – “Nýukasl Ýunaýted”
  • ·19:00. “Braýton end Houw Albion” – “Fulhem”
  • ·19:00. “Nottingem Forest” – “Brentford”
  • ·19:00. “Sanderlend” – “West Hem Ýunaýted”
  • ·19:00. “Tottenhem Hotspur” – “Býornli”
  • ·21:30. “Wulwerhempton” – “Mançester Siti”

17-nji awgust, ýekşenbe

  • ·18:00. “Çelsi” – “Kristal Pelas”
  • ·20:30. “Mançester Ýunaýted” – “Arsenal”

19-njy awgust, sişenbe

  • ·00:00. “Lids Ýunaýted” – “Ewerton”

Doly senenama Angliýanyň Premýer-ligasynyň resmi saýtynda elýeterlidir. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.