Bred Pitt “Formula-1” baradaky filme taýýarlygyň barşynda 9 müň km-den gowrak ýol geçdi

21.06.2025, 11:434,154

61 ýaşly golliwudly aktýor Bred Pitt “Formula-1” filminiň düşürilmegine taýýarlyk wagty ýaryş awtomobillerinde 6 müň milden gowrak (9656 kilometr) ýol geçdi. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

“Umumy alanyňda, biz iki ýyl ruluň başynda bolduk” – diýip, Pitt aýtdy we şeýle netijä buýsanýandygyny belledi.

Filmde aktýor täze ýaryşa gatnaşyjy Joşua Pirsiň halypasy hökmünde awtosport dünýäsine ýene gaýdyp gelýär. Joşuanyň keşbini Demson Idris ýerine ýetirdi. Şeýle-de, filme Hawýer Mardem (“Garrylara bärde ýer ýok”), Kerri Kondon (“Inişeriniň banşisi”) we Tobaýas Menzis (“Kazino “Roýal”) gatnaşdy.
Filmiň hakykylygyny gazanmak üçin surata düşüriji topar “Formula-1-iň” hakyky sürüjileri, şol sanda ýedi gezek dünýä çempiony Lýuis Hemilton bilen hyzmatdaşlyk etdi. Ol filmiň prodýuserleriniň biri hökmünde hem çykyş etdi.
Filmiň režissýory Jozef Kosinski (“Top Gan: Mewerik”) tutuş bir ýyl kadrlama üstünde işledi. Filmde sahnalaryň ählisi diýen ýaly hakyky wakalardan ruhlanýar. Esasy bölümler “Formula-1-iň” dünýädäki ýaryş ýollarynda düşürildi.
Filmiň premýerasy daşary ýurt prokatynda 27-nji iýunda bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.