Germaniýada awtoulaglara öň tormoz çyralaryny oturtmak teklip edildi? Bu näme üçin gerek?

04.07.2025, 18:459,297
1 / 2

Gras Tehniki uniwersitetiniň we Bonndaky institutlaryň biriniň nemes alymlary tormoz çyralaryny diňe yzda däl, eýsem, awtoulaglaryň öňünde hem oturtmaklyk ýol howpsuzlygyny ep-esli ýokarlandyryp biler diýen netijä geldiler diýip, CarBuzz habar berýär.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, şeýle täzelik heläkçilikleriň sanyny 17-25% azaldyp biler. Öň tormoz çyralarynyň esasy artykmaçlygy ýol hereketine gatnaşyjylaryň daş-töweregindäki ýagdaýdan habarlylygyny ýokarlandyrmakdyr.
Mysal üçin, çatrykdan geçmekçi bolýan sürüji çepe öwrülmegi meýilleşdirýän öňündäki awtoulagyň oňa geçmäge ýol berýändigini-bermeýändigini görüp biler. Şonuň ýaly-da, pyýadalar özlerine tarap gelýän ulagyň saklanjagyny-saklanmajagyny görüp bilerler.
Barlag öň tormoz çyralarynyň giňden ornaşdyrylmagy bilen heläkçilikleriň öňüni almak ähtimallygynyň 25-26% ýokarlanjakdygyny görkezýär. Çaknyşyk ýüze çykan halatynda netijeleriň agyrlygy 39% -e çenli, şol sanda tizligiň peselmegi sebäpli azalar.
Bu teklibe bolan garaýşy bahalandyrmak üçin alymlar Germaniýada we Slowakiýada 3000-den gowrak sürüjiniň pikirini soradylar. Pikirsoraşma gatnaşanlaryň 75% -den gowragy öň tormoz çyralarynyň ornaşdyrylmagyny goldady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.