2025-nji ýylda dünýäde iň köp gürlenýän dilleriň haýsylardygy aýdyldy

06.08.2025, 18:1013,031

2025-nji ýylda iňlis dili dünýäde iň giň ýaýran dil bolmagynda galdy. Munuň şeýledigine Etnologiýa salgylanma kitabynyň maglumatlary şaýatlyk edýär.

Iňlis dilinde gürleýänleriň umumy sany 1,5 milliard adamdan geçýär, ýöne iňlis dili olaryň diňe dörtden bir böleginiň ene dilidir. Galanlary esasan işde gerek bolany üçin, okuw maksady bilen ýa-da dynç almak üçin daşary ýurt dili hökmünde öwrenýärler.
Ikinji orunda 1,2 milliard adam gürleýän hytaý dili (putunhua) durýar. Olaryň 84% -i ene dilinde gürleýänler bolup, bu Hytaýyň ilatynyň sany we ýurduň çäginden daşarda hytaý diliniň çäkli ulanylýandygy bilen baglanyşyklydyr.
Hindi dili 609 million adamyň gepleýän dili bolmak bilen, üçünji ýerde durýar, bu hem Hindistanda ilat sanynyň barha artýandygyny görkezýär.
2025-nji ýylda dünýäde iň köp geplenýän 20 diliň sanawy aşakdakylardan ybarat:

  1. Iňlis dili - 1,5 milliard
  2. Hytaý dili (putunhua) - 1,2 milliard
  3. Hindi dili - 609,1 million
  4. Ispan dili - 558,5 million
  5. Edebi arap dili - 334,8 million
  6. Fransuz dili - 311,9 million
  7. Bengal dili - 284,3 million
  8. Portugal dili - 266,6 million
  9. Rus dili - 253,4 million
  10. Indoneziýa dili - 252,4 million
  11. Urdu dili - 246,0 million
  12. Edebi nemes dili - 134,0 million
  13. Ýapon dili - 125,6 million
  14. Nigeriýanyň pijin dili - 120,7 million
  15. Müsür arap dili (masri) - 118,6 million
  16. Marathi dili - 99,3 million
  17. Wýetnam dili - 97,0 million
  18. Telugu dili - 95,8 million
  19. Hausa dili - 94,4 million
  20. Türk dili - 91,3 million
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.