Meta-nyň Threads sosial ulgamynyň aýlyk ulanyjy sany 400 milliondan geçdi

16.08.2025, 12:501,719

Meta degişli bolan Threads sosial ulgamynyň aýdaky işjeň ulanyjylarynyň sany 400 milliondan geçdi diýip, Instagram-yň baş direktory Adam Mosseri aýtdy.

Mosseri işe başlany bäri iki ýylyň içinde bu hyzmatyň "açyk pikir alyşmak üçin möhüm platforma" öwrülendigini aýtdy.
Deňeşdirmek üçin, X-iň (öňki Twitter) aýda takmynan 600 million ulanyjysy bar.
Similarweb-iň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň iýun aýynda gündelik ykjam ulanyjylaryň sany boýunça X bilen deňleşdi diýseňem boljak: 132 milliona garşy 115,1 million. Şeýle-de bolsa, web-wersiýada bu boşluk ep-esli bolmagynda galýar, X-a gündelik ortaça 145,8 million gezek girilýär,  Threads-e bolsa - 6,9 million gezek.
Hünärmenler Threads-iň artýan meşhurlygyny hyzmatyň işjeň ösmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Soňky bir ýylda onda şahsy habarlar, Fediverse-li integrasiýa, öz lentaňy döretmek mümkinçiligi we emeli aň esasly gurallar goşuldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.