Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny ýurduň Milli güni bilen gutlady

20.11.2025, 05:001,486

Prezident Serdar Berdimuhamedow Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik Al Saide we ýurduň ähli halkyna Oman Soltanlygynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Soltan Haýsam bin Tarik Al Saide tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Oman Soltanlygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Bu baýram 1744-nji ýyldan bäri Omany dolandyryp gelýän Al-Bu-Said nesilşalygynyň esaslandyrylmagynyň hormatyna bellenilip geçilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.