Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlaryndan ejir çeken tailandyň halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi

02.12.2025, 06:3913,817

Prezident Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Tailandyň Premýer-ministri Siriphong Angsakunkiatyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýurduň sekiz sany günorta welaýatynda tebigy betbagtçylyk zerarly aradan çykanlaryň sany azyndan 162-ä ýetdi. 1,2 milliondan gowrak hojalyga we 3,6 milliondan gowrak adama zyýan ýetdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.